Psiphon ýene bir üçünji tarap howpsuzlyk barlagyny tamamlaýar
16.02.2018 - 2 min okamak
Täzelenen: 04.06.2021
2017-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Psiphon açyk çeşmeli işläp düzmelere ygrarlydygyny subut etmegini dowam etdirdi (kod ammarymyza şu ýerden girip bilersiňiz), we hyzmatlarymyzyň howpsuzlyk auditini geçirmegi Cure53 toparyna tabşyrdy. Howpsuzlyk barlagy 22 gün dowam etdi we “giň gerimli” barlag hökmünde häsiýetlendirilen işi tamamlamak üçin jemi 9 synagçy gatnaşdy hem-de Cure53 synagçylary örän içgin barladylar. Bu biziň 3 ýylyň içindäki 2-nji şeýle howpsuzlyk auditimizdir (iSec tarapyndan geçirilen 1-njisiniň netijelerini şu ýerden görüp bilersiňiz).
Hasabatda gerime nämeleriň goşulandygynyň beýany şeýle okalýar:
“Gerime Psiphon programma üpjünçiligi toplumynyň köp sanly komponentleri, şol sanda tunel-core müşderisi we serweri, kitaphanalary birleşdiriji, Psiphon iOS programmasy we iň soňunda hem, möhümleriň biri bolan Psiphon iOS brauzeri girizildi. Bu örän giň başlangyç şertler we gerim dürli ugurlarda degişli tejribä eýe bolan has köp sanly synagçylary çekmegiň zerurlygyny düşündirýär. Netijede, synaglar kod auditlerini, hakyky aralaşma synaglaryny, protokol we konfigurasiýa barlaglaryny hem-de kriptografik auditi öz içine aldy.”
Biz howpsuzlyk auditiniň netijelerine örän şatdyrys we “bellärlikli hiç hili howpsuzlyk töwekgelçiligi ýüze çykarylmady” (sah. 19) diýip habar bermäge buýsanýarys. Aç-açanlyk ýörelgesine eýerip, doly jikme-jik hasabaty pdf görnüşinde şu ýerden okap bilersiňiz. Ýüze çykarylan iki gowşaklygyň biri eýýäm düzedildi (we Cure53 tarapyndan tassyklandy), beýlekisini çözmek üçin bolsa indiki çykarylyşlarda degişli ädimler ädildi.
Synagçylar şeýle hem hasabatda sanalyp geçilen başga-da 7 sany dürli meseleleri belläp geçdiler, olaryň dördüsi eýýäm çözüldi.
“Synagçylar programma üpjünçiligi toplumynyň geçmişde geçirilen birnäçe programma howpsuzlyk auditlerinden uly peýda görendigi baradaky ynamyny paýlaşdylar. Aýtmaga hem zerurlyk ýok, bu ýagdaý tapyndylarda öz beýanyny tapýar. Ýüze çykarylan jemi dokuz meseläniň diňe ikisi howpsuzlyk gowşaklygy hökmünde bellenildi we olar iň pes “Informational” howplulyk derejesine degişli edildi.”
Cure53 synagçylary hasabatyň bütin dowamynda kodyň nähili arassa we hil taýdan kämildigini birnäçe gezek bellediler hem-de şu netijä geldiler:
“Bozup girmäge synanyşmak üçin ep-esli wagt we işgärler serişdeleriniň sarp edilendigine garamazdan, barlag gerimindäki Psiphon komponentleri barlaglara durnukly boldy we garşydaşlyk tagallalarynyň öňünde özlerini güýçli hem-de ygtybarly görkezdi. Esasy netije bolsa, bellärlikli hiç hili howpsuzlyk töwekgelçiligi ýüze çykarylmady.”
Bu hasabaty gyzykly taparsyňyz diýip umyt edýäris we ol siziň hemişe açyk çeşmeli hem-de howpsuz boljak birinji derejeli programma üpjünçiligini bermäge bolan ygrarlylygymyza ynamyňyzy berkider.