Psiphon ulanyjylaryna 2017-nji ýyl gutly bolsun!

02.01.2017 - 1 min okamak

Täzelenen: 22.01.2025


2016-njy ýyl habarly bolmaly dünýä wakalaryna baý, wakalara doly ýyl boldy. Dünýä ýüzünde Internede we şeýlelikde maglumatlara elýeterlilik artsa-da, web sahypalaryny petiklemek hem daxil bolmak bilen, ähli görnüşdäki senzura hem güýçlendi.


Bu ýerde, Psiphon-da programma üpjünçiligimizi ulanýanlaryň sanynyň öňküsinden hem has köpelendigini gördük, we bu ýagdaý internetde maglumat gözegçiliginiň güýçlenmegi bilen bilelikde ýüze çyksa-da, adamlara olary aýlanyp geçmäge kömek edip bilýändigimize begenýäris.


Freedom House guramasynyň Internet Azatlygy baradaky ýyllyk hasabatynda bu azatlygyň yzly-yzyna altynjy ýyl pese gaçandygy bellenildi we dünýädäki Internet ulanyjylarynyň üçden iki böleginiň hökümeti, goşuny ýa-da monarhiýany tankytlamagyň senzura sebäp bolýan ýurtlarynda ýaşaýandygy anyklandy. Olaryň ýene bir esasy syny bolsa hökümetleriň hat alyşmak programmalaryny has köp nyşana alýandygy boldy.


Bu ýagdaý şu ýyl öz torumyzda gören käbir zatlarymyz bilen gabat gelýär. Mysal üçin, ýanwar aýynda Marokkoda VoIP hyzmatlary petiklenip, Viber, Whatsapp, Skype we Facetime ýaly meşhur mugt jaň hyzmatlarynyň ulanyjylarynyň nägileligine sebäp boldy. Gadagançylygyň dowam eden bir aýynyň dowamynda Marokkodan gelýän trafigimiziň birinji hepdede üç esse artandygyny, soňra bolsa her hepde iki esse köpelendigini gördük. Soňra maý aýynda braziliýaly bir kazy Whatsapp-yň petiklenmegi barada karar çykardy, bu ilkinji gezek däldi. Ýene-de şol ýurtdan gelýän trafigiň bu gezek 24 sagadyň içinde üç esse artandygyny gördük.


Milli saýlawlar senzura üçin ýene bir möwç alýan pursatdyr we hökümetleri sosial ulgamlary ýa-da oppozisiýa sahypalaryny petiklän mahaly adamlaryň Psiphon-a ýüz tutýandygyny gördük, mysal üçin awgust aýynda Gabonda. Şu ýyl gören ýene bir meýilimiz bolsa bulam-bujarlykly wakalar wagtynda käbir ýurtlarda internetiň doly öçürilmegi boldy — bu hatda Psiphon-yň hem hiç zat edip bilmejek zadydyr.


Biz 2017-nji ýylda dünýä ýüzündäki adamlara çäklendirmesiz aragatnaşyk saklamaga we habarly bolup galmaga kömek edip bileris diýip umyt edýäris. Ähli dostlarymyzy Täze ýylyňyz bilen gutlaýarys we size howpsuz, bagtly hem-de azat 2017-nji ýyly arzuw edýäris!
Kompaniýa habarlary

Indiki okaň