Psiphon 10 ýaşynda!

13.12.2016 - 3 min okamak

Täzelenen: 25.09.2021

Şu aýda Psiphon 10 ýaşyna dolýar! Interneti ýene-de ençeme ýyllap açyk saklamaga umyt baglamak bilen, beren goldawyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys!


Psiphon Toronto uniwersitetiniň Citizen Lab barlaghanasynda biri-birini tanaýan adamlaryň arasyndaky «ynam tory» hökmünde başlady. Programma üpjünçiliginiň ilkinji wersiýasy senzurasyz ýurtdaky adamyň kompýuterine senzuraly sebitdäki dosty üçin serwer hökmünde işlemäge mümkinçilik berdi we açyk Internete hakyky zerurlygyň bardygyny subut etmäge kömek etdi.

Görä-bärä Psiphon 2 işlenip düzüldi we senzuraly sebitlerdäki adamlaryň senzurasyz ýurtdaky adamlary tanamak talabyny aradan aýyrdy. Psiphon senzuraly sebitlerdäki ulanyjylar üçin proksi bolup hyzmat edýän we ýönekeý URL arkaly girip bolýan Psiphon düwünleri (nodes) atly serwerleri işledýär.

2008-nji ýylda Psiphon Netxplorateur Grand Prix 2008 baýragyny gazandy. Emin agzalary Psiphon-a «dünýäniň iň täsin, ähmiýetli we nusgalyk Tor we Sanly Başlangyjy» diýip baha berdiler. Ondan soňky ýyl Psiphon Index on Censorship tarapyndan The Economist Best New Media Award baýragyna mynasyp boldy.

2011-nji ýylda Windows üçin Psiphon 3 ady bilen göçürip alyp bolýan Psiphon programmasy çykaryldy, bu bolsa ulgam proksilerini tanaýan islendik programma Psiphon tunneli arkaly tora girmäge mümkinçilik berdi. 2012-nji ýylyň ahyrynda Psiphon 3 ykjam enjamlar üçin elýeterli boldy. Psiphon 3 dinamiki we çydamlydyr. Ýokary derejeli programmaçylardan ybarat hünärmen toparymyz programma üpjünçiligini gowulandyrmak we internetde ýüze çykýan has kämil senzura usullaryna garşy göreşmek üçin üznüksiz işleýär. Bu bolsa Psiphon-yň beýleki ýönekeý VPN-ler işlemedik ýagdaýynda-da köplenç işleýändigini aňladýar. Psiphon-yň ähli programma üpjünçiligi açyk çeşmelidir we garaşsyz howpsuzlyk barlagyndan geçirilendir.

Psiphon-yň meşhurlygy uly derejede media hemaýatkärlerimiz we hyzmatdaşlarymyz arkaly mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitindäki Internet ulanyjylaryna sanly hukuklaryny goramaga we maglumatlara elýeterlilik gazanmaga kömek edýän Toronto şäherinde ýerleşýän ASL19 hökümete degişli bolmadyk guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Şeýle hem, olaryň öz diňleýjilerine ýetmegine kömek etmek we Psiphon ulanyjylaryna täzeliklere hem-de açyk Internete girmäge mümkinçilik döretmek üçin Deutsche Welle, BBC we Voice of America ýaly esasy teleradioýaýlymlar bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Şeýle-de, biz mazmun paýlaýyş torumyz arkaly köp sanly guramalara dürli taslamalary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga ýardam edip bildik. Geçen ýyl LGBT meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmaga kömek eden BFI Flare Film Festival-y mahabatlandyrdyk. Şeýle hem, tebigy betbagtçylykdan ejir çeken sebit barada habarlylygy artdyrmak we haýyr-sahawat kömegini toplamak üçin Nepalda bolup geçen ýertitremesinden soň Action Against Hunger guramasyny mahabatlandyrdyk. Bu ýyl biz pikir beýan etmek azatlygy baradaky dokumental filmler tapgyryny wagyz etmek üçin Google-yň Jigsaw we VICE News bilen işleşdik, şeýle hem ABŞ saýlawçylaryny şu ýylky Prezident saýlawlaryna gatnaşmaga höweslendirmek üçin Global Citizen bilen hyzmatdaşlyk etdik.

Dürli hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerimizden daşary, toparymyz Internet azatlygyna täsir edýän möhüm meselelere düşünmek we pikir alyşmak üçin ýerli çärelere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşýar. Geçen hepde biz Internet Governance Forum maslahatynda VoIP-iň gadagan edilmeginiň hökümete, telekoma we raýat jemgyýetine edýän täsiri barada bir sessiýa geçirdik. Şeýle hem, ýaňy-ýakynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Internet dolandyryşynda ýüze çykýan kynçylyklar barada öwrenmek üçin Taýlandda geçirilen ilkinji Asia Pacific School of Internet Governance çäresine gatnaşdyk. Senzura meýilleri barada öwrenýän we has giň Internet azatlygy jemgyýetçiligi bilen aragatnaşyk saklaýan Internet Freedom Festival çäresine ençeme gezek gatnaşdyk we has giň tehniki jemgyýetçilik üçin PETS makalasyna goşant goşduk.

Psiphon üçin bu wakalara baý, innowasion we gyzykly on ýyl boldy! Geljegiň nämeler getirjekdigine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. 2017-nji ýylda has köp innowasiýalara we täze önümlere garaşyň!

10 ýyllyk web sahypamyzy görmek üçin psiphon.ca sahypasyna giriň we oýnumyzy ilkinjileriň biri bolup oýnaň!

2017-nji ýylda Psiphon bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýärsiňizmi? info@psiphon.ca salgysy arkaly biziň bilen habarlaşyň

Has köp täzelikler üçin biziň Twitter we Facebook sahypalarymyza goşulyň!
Kompaniýa habarlary

Indiki okaň